Fewral aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi yglan edildi

  • 24.01.2026 03:48
  • 29k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklarynyň, brifingleriň, sergileriň, wagyz-nesihat çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Aşgabatda we welaýatlardaky medeniýet ojaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan birnäçe çäreleriň we dabaralaryň, şol sanda maslahatlaryň, Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeliginiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Döwlet simfoniki orkestriniň türkmen kinofilmleriniň sazlaryndan düzülen konsertiniň we başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Serdar Berdimuhamedow wise-premýere fewral aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......