Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji zenan maşgala boldy

  • 24.01.2026 12:10
  • 3.1k+

Bolgariýanyň Prezidenti wezipesini taryhda ilkinji gezek zenan maşgala eýeledi. Iliýana Ýotowa bu wezipede Rumen Radewi çalşyp, resmi taýdan wezipä girişdi. Bu barada Bolgariýanyň milli radiosy habar berýär.
Ýurduň öňki Prezidenti Rumen Radew Bolgariýanyň çuň syýasy çökgünlikden çykmagyna ýardam etmek isleýändigini aýdyp, 19-njy ýanwarda wezipeden çekildi. Konstitusion kazyýet Radewiň wezipeden boşadylmagyny tassyklady we onuň ygtyýarlyklary resmi taýdan bes edildi. Ýurduň öňki Baştutany möhletinden öň geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýär.
61 ýaşly Iliýana Ýotowa Bolgariýanyň 33-nji Prezidenti boldy. Ozal ol wise-prezident wezipesini eýeleýärdi. Täze wezipede Ýotowa parlament partiýalary bilen geňeşmelerden soň saýlawlaryň senesini kesgitlär. Bu soňky bäş ýylyň dowamynda eýýäm sekizinji saýlaw bolar. Bu ýagdaý parlament güýçleriniň täze hökümeti düzüp bilmeýändigi bilen baglanyşyklydyr.
2007-2017-nji ýyllarda Ýotowa Ýewroparlamentiň deputaty boldy. Şonda onuň işi terrorizme garşy göreşe, Bolgariýanyň Şengen zolagyna goşulmagyna we migrasiýa çökgünligini çözmäge gönükdirilipdi. Wise-prezident wezipesinde Ýotowa daşary ýurtlardaky bolgar jemgyýetlerine we bolgar dilini öwrenmeklige aýratyn üns berdi.


23.06.2026 14:16
5.3k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

07.04.2026 21:02
2.4k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.9k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......