Dubaýda ýagty saçýan gökdirän gurlar

  • 23.01.2026 20:46
  • 8.9k+

Dubaýda Inaura gökdiräniň taslamasy tanyşdyryldy. Şäheriň täsin binalary öň ýetik hem bolsa, täze bina olardan özboluşly aýratynlygy – ýokarky gatlarynyň arasyndaky ýagty saçýan sferasy bilen tapawutlanar. Bu teklip MVRDV binagärlik firmasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Diňi Dubaýyň merkezinde gurmak meýilleşdirilýär. Bina şäheriň ähli ýerlerinden görner. Onuň penjirelerinden bolsa, dünýäniň iň beýik binasy - Burj Halifanyň ajaýyp  görnüşini synlap bolar. Gökdiräniň belentliginiň 210 metr bolmagy Dubaýyň standartlary boýunça hiç neneň däl hem bolsa, edil Burj Halifa ýa-da Tiger Sky Tower ýaly ägirtlerden has pesdir.
Diň aýna fasadly gönüburç görnüşde bolar. Onuň binagärlik keşbiniň üsti gorizontal elementler, daş-töweregini gurşap duran balkonlar we birikdirilen ýagty saçýan sfera bilen ýetirilýär. Bina jemgyýetçilik ýeri we dynç alyş zolagy hökmünde niýetlenendir.
Binada ýaşaýyş jaýlary we myhmanhana ýerleşer. Taslama şeýle hem restoran, sport zaly, suw howdany we spa toplumyny öz içine alýar.
Gurluşygyň tamamlanjak senesi heniz yglan edilmedi.







26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....

18.05.2026 11:22
8k+

20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi....

22.04.2026 17:36
5.2k+

Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan......