Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär

  • 23.01.2026 20:24
  • 2.4k+

Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler.
Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär. Robotyň bu başarnygy oňa dar ýerlerde adamlardan has netijeli işlemäge mümkinçilik berýändigine ünsi çekýärler.
Robot penjesiniň dizaýny adam eliniň anatomiki çäklendirmelerini ýeňip geçýär. Diňe başam barmagy bilen ygtybarly tutmaga mümkinçiligi bolan adam elinden tapawutlykda, täze manipulýator zady islendik iki "barmagynyň" arasynda berk saklap bilýär. Barmaklar zady eliň iç ýüzünde-de, daş ýüzünde-de deň güýç bilen gysymlap saklaýar, bu bolsa adam eliniň edip bilmejek zady.
Bu ýagdaý robota bir wagtyň özünde hem-ä haýsydyr bir guraly, hemem onuň üsti bilen bejerýän zadyny saklamaga mümkinçilik berýär. Beýle başarnyk, esasanam, dar giňişde işlenilýän wagtynda ýa-da iki eliňi hem ulanmak zerur bolanda örän möhümdir. 
Täze penje enjamlary abatlaýyş, çylşyrymly infrastrukturany we tehnikany barlaýyş işlerinde uly peýda getirip biler.


düýn 17:00
1.9k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

07.06.2026 20:11
1.7k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

07.06.2026 17:01
1.9k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.8k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....