PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar

  • 24.01.2026 00:25
  • 1.2k+

McLaren sport geýimlerini we enjamlaryny öndüriji PUMA bilen köp ýyllyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Şertnama laýyklykda, PUMA Formula 1 sürüjileri bolan Lando Norris we Oskar Piastri üçin ýörite eşikleri öndürer.

Hyzmatdaşlyk diňe ýaryşlary göz öňünde tutmaýar. PUMA şeýle hem IndyCar we WEC seriýasyndaky toparlar, F1 akademiýasy we kibersport ýaly McLaren-iň beýleki taslamalary üçin hem eşikleri üpjün eder.

«Häzirki wagtda biziň sportumyz juda gowy ýagdaýda. Şonuň üçin biziň global janköýer bazamyz bilen çuň we manyly gatnaşyklary gözleýän uly moda brendleriniň bardygy begendirýär. Sport geýimlerini öndürmekde ägirt derejä ýeten PUMA-dan has gowy hyzmatdaşy göz öňüne-de getirip bilemok. Ol bize janköýerleriň eşikleriniň görnüşini has-da giňeltmäge kömek eder. Biz janköýerleriň bu sporta bolan höwesini ýaryş meýdançasynda we ondan daşarda hem beýan etmek isleýändigini bilýäris. PUMA hem dizaýna we medeniýete innowasion çemeleşmeleri bilen tutuş dünýä gyzykly hem täsirli toplumlary hödürlär» diýip, McLaren Racing-iň baş direktory Zak Braun gürrüň berdi.


19.06.2026 19:42
1.5k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....