Türkmenistan we Saud Arabystany atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 24.01.2026 09:22
  • 2.9k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Saud Atçylyk Federasiýasynyň Ýerine ýetiriji başlygy Fuad bin Fahad Ibrahim bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşykda Fuad bin Fahad Ibrahim Federasiýanyň işi we atçylyk sporty boýunça geçirilýän milli we halkara çäreleri barada giňişleýin maglumat berdi.
Ilçi M. Aýazow 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigini aýdyp, Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge, ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge we dünýäde türkmen bedewleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga uly üns berilýändigini belledi.
Duşuşykda türkmen diplomaty Saud Atçylyk Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada pikir alyşdy.


29.05.2026 08:03
7.3k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......