Aktrisa Teýlor Rassel Dior moda öýüniň ilçisi boldy

  • 24.01.2026 12:42
  • 1.7k+

Dior moda öýi aktrisa Teýlor Rassel bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ol brendiň ilçisi boldy we döredijilik müdiri Jonatan Anderson tarapyndan hödürlenýän kolleksiýalary görkezer.
Rassel eýýäm birnäçe möwsüm bäri Dior-yň moda görkezişlerine we Andersonyň taslamalaryna gatnaşýar. Aktrisa köpçülikleýin çärelerde we gyzyl ýodalarda brendiň obrazlarynda yzygiderli peýda bolýar.
Aktrisanyň ilçi hökmünde bellenmegi döredijilik müdiri wezipesine Jonatan Anderson gelenden soň Dior-yň kolleksiýalarynyň täzelenmegi bilen baglanyşykly. Jonatan öz işine aktýorlary we sazandalary işjeň çekip, pudagyň media wekilleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ozal olaryň arasynda Greta Li hem bardy.
Rassel «Kosmosda ýitirilen» serialyndaky, «Tolkunlar» dramasyndaky, şeýle-de «Klaustrofoblar» we «Tutuş durkum bilen» filmlerindäki rollary bilen tanalýar. Soňkusy üçin ol Wenesiýa kinofestiwalynda geljegi uly aktrisa hökmünde Marçello Mastroýanni baýragyny gazanypdy.
Aktrisa Anderson bilen Loewe moda öýünde işlän wagty hem hyzmatdaşlyk edipdi. Dior aktrisanyň täze döredijilik müdiriniň ýolbaşçylygynda zenanlar kolleksiýalarynyň ösüş döwründe brendiň esasy ýüzleriniň biri bolmagyna ynam bildirýär.


12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....