96 ýylda 9 damja damdy: dünýäniň iň uzak synagy dowam edýär

  • 24.01.2026 11:53
  • 9.3k+

Dünýäniň iň uzyn barlaghana tejribeleriniň biri Awstraliýada bir asyra golaý wagt bäri dowam edýär. Alymlar onda guýguçdan şepbik damyşyny synlaýarlar.

Şepbik diýlip, süýnüjiligi ýokary bolan suwuklyga aýdylýar. Göräýmäge, ol gaty jisimdir. Bu tejribede şeýle häsiýetli bitium maddasy ulanylýar.
ScienceAlert-iň maglumatyna görä, tejribe 1927-nji ýylda Brisbendäki Kwinslend uniwersitetinde başlandy. Fizik Tomas Parnell şepbigi guýguja guýýar we 1930-njy ýylda onuň düýbüni kesýär. Şondan soň madda haýal-haýal akyp başlaýar. Otagyň temperaturasynda şepbik gaty ýaly görünýär, ýöne aslynda ol suwuklykdyr. Onuň şepbeşikligi suwdan, takmynan 100 milliard esse ýokarydyr.
Tejribä gatnaşyjylar ilkinji damjanyň dammagy üçin sekiz ýyl garaşmaly boldular. Bu waka 1938-nji ýylyň ahyrynda boldy. Soňraky damjalar şol bir wagt aralygynda damdylar. 1980-nji ýyllarda barlaghanada kondisioner gurnalandan soň proses has-da haýallady. Durnukly temperatura her damjanyň düşmegi üçin gerek bolan wagty 8-10 ýyldan 12-14 ýyla çenli uzaltdy.
Guýgujyň düýbüniň kesileni bäri 96 ýyl geçdi. Bu döwürde dokuz damja damdy. Onuň iň soňkusy 2014-nji ýylda bolup geçdi. Alymlar onunjy damjanyň  2020-nji ýyllarda dammagyna garaşýardylar. Ýöne ol heniz dammady.
Gyzykly ýeri, hiç kim damjanyň damyşyna şaýat bolup bilmedi. Synag häzirki wagtda göni ýaýlymda görkezilýär. Öň tehniki näsazlyklar bu pursady yzygiderli surata düşürmäge päsgel berýärdi. 1961-nji ýyldan bäri bu tejribä fizik Jon Meýnstoun gözegçilik etdi. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda ol we merhum Tomas Parnell degişli synag üçin Nobel baýragynyň öýkünmesi bolan fizika boýunça Şnobel baýragyna mynasyp boldular. Synaga häzirki wagtda professor Endrýu Waýt gözegçilik edýär.
Synag dünýäde iň uzak dowam edýän barlaghana synagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Eger guýgujyň içindeki şepbik ýeterlik bolsa, synagyň ýene-de azyndan ýüz ýyl dowam edip biljekdigine garaşylýar.


11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.4k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....