Dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

  • 24.01.2026 10:23
  • 7.6k+

Watershed Investigations we The Guardian gazetleriniň bilelikdäki gözlegine görä, dünýäniň iň uly 100 şäheriniň ýarysy eýýäm suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Barlagçylar suw ýetmezçiligini öý hojalyklary we senagat üçin zerur bolan suwuň möçberiniň ätiýaçlykdaky mukdardan artyk bolýan ýagdaýy hökmünde kesgitleýärler. Olar muňa esasy sebäpler hökmünde suw serişdelerini netijeli dolandyrmazlygy we howanyň üýtgemeginiň güýçlenmegini görkezýärler.
Suw ýetmezçiliginiň çaksyz derejesi bilen ýüzbe-ýüz bolýan şäherleriň arasynda Pekin, Nýu-Ýork, Los-Anjeles, Rio-de-Žaneýro we Deli bar.
London, Bangkok we Jakarta ýaly şäherler suw ýetmezçiliginiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şeýle ýagdaýdaky şäherleriň sany 38-e ýetýär
London Uniwersitet kollejiniň alymlary NASA-nyň hemra maglumatlaryny aýratyn seljermek arkaly suwsuzlygyň iki onýyllyk bäri dowam edýän esasy şäher ýerlerinde, takmynan 1,1 milliard adamyň ýaşaýandygyny görkezdi. Deňeşdirmeli bolsa, bu ýagdaýyň düýbünden tersindäki şertlerde 96 milliona golaý adamyň ýaşaýandygyny aýtmak bolar.  
Watershed Investigations web sahypasy dünýäniň dürli sebitlerinde suw ýetmezçiliginiň derejesini görkezýän «Suw howpsuzlygynyň atlasy» atly interaktiw kartany çap etdi.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......