Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler

  • 23.01.2026 20:40
  • 4.8k+

Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

«Maison & Objet» hem-de «Who's Next» moda we dizaýn dünýäsinde Parižiň iň esasy wakalarynyň ikisidir.
«Maison & Objet» — esasan interýer, dekor we durmuş ýörelgesi (lifestyle) meselelerine üns berýär.
«Who's Next» — moda, aksessuarlar we täze moda trendleri boýunça ýöriteleşýär.
Şeýle abraýly çärelere gatnaşmaklyk ýerli kompaniýalara dünýäniň döredijilik senagatynyň öňdebaryjy meýdançasynda özlerini tanyşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Wekiliýetiň düzümine «Binaym», «Shekil Studio/Ensi», «AYM» tikinçilik atelýeleri hem-de «Unique Camel Wool» brendiniň wekilleri girdi. Olar sergide diňe bir öz kolleksiýalaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem önümleri eksporta taýýarlamagyň halkara standartlaryny, gaplamaga we sertifikatlaşdyrmaga bildirilýän talaplary öwrendiler.
Mümkin bolan hyzmatdaşlar we bilermenler bilen geçirilen gepleşikler türkmen telekeçilerine öz harytlarynyň Ýewropa bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyna baha bermäge kömek etdi.
Brendleriň esaslandyryjylary Pariž meýdançalarynyň häzirki zaman marketingi we önüm tanyşdyrylyşy babatda gymmatly tejribe çeşmesine öwrülendigini bellediler.


düýn 17:20
2k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......