Aşgabatda FIFA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi

  • 23.01.2026 23:33
  • 5k+

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde Aşgabatda üç günlük okuw maslahatyny gurady. Maslahatyň çäklerinde 23-nji ýanwarda "Ýyldyz" myhmanhanasynda Aşgabatda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä Tmcars-yň habarçylary hem gatnaşdy.

Çäre höwesjeň futbolyň kadr we oýun mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga bagyşlandy.
Çäräniň dowamynda dünýä tejribesini türkmen futbolynyň ulgamyna ornaşdyrmak, şeýle hem futbolyň şäherlerde we oba ýerlerinde elýeterliligini giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Okuw maslahaty ýerli şertlere laýyk gelýän we iş ýüzünde ulanyp boljak anyk çözgütlere gönükdirildi.
Maksatnama FIFA-nyň iň täze statistik maglumatlary we seljerme materiallary esasynda taýýarlandy. Onuň düýp esasyny 185 ýurtda höwesjeň futbolyň ýagdaýy barada geçirilen giň gerimli ylmy-barlag işi düzdi. Türkmen wekillerine ösüşiň umumy modellerini we ýüze çykýan kynçylyklary çözmegiň nusgawy usullaryny görkezýän barlag netijeleri tanyşdyryldy.
Okuw maslahatyna FIFA-nyň halkara bilermenleri Gaioz Darsadze we Raimondas Statkewiçius gatnaşdy. Olar m
ekdep meýdançalarynda we ýaşaýyş jaýlarynyň howlularynda, iri kärhanalaryň ýanyndaky futbol meýdançalarynda futboly ösdürmegiň ýollary barada gürrüň berdiler.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda, 2025-nji ýylda Türkmenistanda täze futbol meýdançalarynyň ulanmaga berlendigi we 10 sany iri höwesjeňler ýaryşynyň geçirilendigi hem bellenilip geçildi.


düýn 13:51
8.2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......