Moskwada Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre geçirildi

  • 24.01.2026 09:32
  • 2.5k+

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlis Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşykda çykyş eden Türkmenistanyň ygtyýarly wekili, Türkmenistanyň RF-däki ilçisi we Ykdysady meseleler boýunça toparynyň başlygy E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylmaly wezipeleriň möçberine we derejesine doly düşünmek bilen, bu möhüm işe ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini nygtady.
E.Aýdogdyýew ýygnanlary 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýanyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. 
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan öz başlyklygyny ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmek üçin ulanmagy maksat edinýär. Bu ýerde GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy esasy çelgi bolup durýar.
Ýewraziýa, Hazarýaka, Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar sebitleriniň çäklerini baglanyşdyrýan köpri hökmünde GDA-nyň logistika mümkinçiliklerine hem aýratyn üns berler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan 2027-nji ýyly «GDA-nyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip eder.
Ynsanperwerlik ugry Türkmenistanyň başlyklygynyň möhüm bölegi bolar.
E.Aýdogdyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan däp boýunça ekologiýa meselelerine, durnukly ösüşe, hususan-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hem-de Hazar sebitiniň biodürlüligini goramak babatyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berer. Şu nukdaýnazardan, döwletimiz 2026-njy ýylda Ikinji Hazar ekologiýa forumyny çagyrmak üçin tagalla eder.
Sözüniň ahyrynda E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklygynyň GDA-nyň deňhukukly hyzmatdaşlyk we ynanyşmak üçin meýdança hökmündäki ornuny ep-esli berkitmäge, agza döwletleriň arasyndaky ykdysady we ulag gatnaşyklaryny giňeltmäge, şeýle hem XXI asyryň derwaýys meselelerine täze çemeleşmeleriň utgaşdyrylmagyna hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Şol gün E.Aýdogdyýew bilen GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň  çäklerindäki bilelikdäki işler hem-de meýilleşdirilen çäreleriň ýokary mazmun we guramaçylyk derejesinde geçirilmegi barada pikir alşyldy.


düýn 22:55
235

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......