17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 225 adamyň günäsini geçdi

25-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen 225 raýat mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy...

3k+

Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy...

4.4k+

Serdar Berdimuhamedow Kuweýtiň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy

ABŞ-da iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we olary ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar, şu duşuşygyň netijeleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler...

2.5k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy 7 mln 435 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 435 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar...

11k+

Aşgabatda döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi

20-nji sentýabrda Aşgabatda dürli pudaklarda zähmet çekýän işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň hünärmenlerine, döredijilik işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy...

2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana we Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de ýurduň ähli halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi...

1.3k+

Italiýa ÝB-de ilkinji bolup emeli aňyň ulanylyşy barada kanun kabul etdi

Italiýa Ýewropa Bileleşiginde emeli aňyň ulanylyşyny düzgünleşdirýän kanuny tassyklan ilkinji ýurt boldy. Bu barada The Guardian habar berýär. Resminamanyň maksady innowasiýalara, kiberhowpsuzlyga we şahsy maglumatlaryň goragyna aýratyn üns bermek bilen, EA-nyň aç-açan we howpsuz ulanylmagyna ýardam etmekdir...

7.6k+

Balkan welaýatynda karbamid öndürýän toplum gurlar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine degişli toplumyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi...

27k+

Ahal, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda täze etraplar döredildi

Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanda dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Altyn asyr etraby, Daşoguz welaýatynda Garaşsyzlyk, Gubadag etraplary, Lebap welaýatynda Döwletli, Farap, Garabekewül etraplary, Mary welaýatynda Oguzhan etraby döredildi...

3.2k+

Rumyniýada geçirilen halkara maslahatda Türkmenistanyň bitaraplygynyň ähmiýeti bellenildi

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk ýoly: parahatçylyga we durnuklylyga 30 ýyllyk ygrarlylyk» atly halkara maslahatyny geçirdi. Maslahat Buharest şäherindäki Milli Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň Politehnika okuw merkezinde guraldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...

3k+

Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy halkara derejeli bilermenleri jemledi

18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň birinji güni geçirildi. Forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy korporasiýalaryň ýokary wezipeli wekillerini, bilermenleri hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin bir ýere jemledi...