Soňky 10 ýylda planetany beýlekilerden has "ýaşyl" eden ýurtlaryň sanawy düzüldi

  • 27.11.2025 12:09
  • 7k+

Planetanyň "ýaşyl öýkeni" roluny ýerine ýetirýän tokaýlar kömürturşy gazyny özüne siňdirýär we kislorod çykarýar. Mundan başga-da, olar öz ekoulgamlaryny we suw aýlanyşyny döredip, müňlerçe kilometr uzaklykdaky sebitlere täsir edýärler. Soňky onýyllyklarda Amazoniýa millionlarça gektar tokaý ýitiren mahaly, birnäçe ýurt tokaý meýdanlaryny işjeň dikeldýär.

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) maglumatlary esasynda taýýarlanan täze infografika, 2015-nji ýyldan bäri tokaý meýdanyny artdyrmak üçin iň köp tagalla eden ýurtlary görkezdi.
1970-nji ýyllardan bäri Hytaý "Uly ýaşyl diwar" başlangyjynyň çäginde ýüzlerçe müň, hatda millionlarça agaç ekdi. Bu maksatnama Gobi we Takla-Makan çöllükleriniň şäherlere tarap ilerlemegini duruzmaga gönükdirilendir. Taslamany 2050-nji ýyla çenli tamamlamak meýilleşdirilýär, ýöne onuň netijeleri jedelli hasaplanýar: käbir sebitlerde agaçlar gowy kök urup bilmeýär. Muňa garamazdan, 2015-nji ýyldan bäri Hytaýda tokaýlaryň arassa ösüşi 1,7 million gektar boldy.
Russiýa on ýylyň içinde 942 000 gektar ösüş bilen dünýäde ikinji orny eýeleýär. Muňa 2018-nji ýyldan başlap tokaý meýdanlarynyň ösüşini çaltlandyrmak boýunça başlanan milli çäreler ýardam berdi.
Hindistan hem tokaýlary dikeltmek boýunça uly maksatlary durmuşa geçirýär. Howa üýtgemegi boýunça borçnamalaryň çäginde ýurt 2030-njy ýyla çenli 26 million gektar tokaýy dikeltmegi meýilleşdirýär. 2015-nji ýyldan bäri bu ýerde tokaý örtüginiň arassa ösüşi 191 000 gektar bolup, bu dünýäde üçünji görkezijidir.


01.06.2026 07:34
8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

30.05.2026 11:21
2.5k+

Taýwanyň fond bazary ýekeje kompaniýanyň kömegi bilen Hindistandan öňe geçdi

Taýwanyň maliýe bazarlary öz taryhynda ilkinji gezek Hindistanyň fond bazaryny yzda galdyryp, 4,95 trillion dollar möçber bilen dünýäde bäşinji orna göterildi. Emma synçylar munuň tutuş ýurduň ykdysady......

29.05.2026 08:03
7.6k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....