Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýdaky «Big 5 Global 2025» gurluşyk sergisine gatnaşýar

  • 28.11.2025 10:13
  • 2.1k+

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri A.Geldiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Dubaýda geçirilýän «Big 5 Global 2025» atly halkara sergisine gatnaşýar.

Pudagyň wekilleri serginiň resmi açylyş dabarasyna we Global Leaders' Summit atly umumy mejlise gatnaşdylar. Onda gurluşygyň, infrastrukturalaryň, sanly modelirlemäniň we modul jaý gurluşyk tehnologiýalarynyň ösüşiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş saparynyň birinji gününde wekiliýet BAE-niň resmi adamlary, dmg events kompaniýasynyň ýolbaşçylary we halkara gurluşyk hem-de inženerçilik kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Gepleşikler senagat gurluşygy, häzirki zaman inženerçilik çözgütlerini ornaşdyrmak we Türkmenistanda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine bagyşlandy.

Saparyň maksatnamasynyň çäginde wekiliýet Saud Arabystanynyň, Türkiýäniň we Hytaýyň milli pawilýonlarynda boldy. Türkmen hünärmenleri uly şäher we senagat desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan tehnologiki çözgütler, täze materiallar, modul ulgamlary we enjamlar bilen tanyşdylar.
Şeýle-de, wekiliýet EPC-potratçylar, modul gurluşyk kompaniýalary, sanly we BIM-platformalary işläp düzüjiler, gurluşyk materiallaryny we tehnikasyny öndürijiler, öňdebaryjy binagärlik-inženerçilik býurolary bilen birnäçe gepleşikleri geçirdi.
«Big 5 Global» sergisiniň gatnaşyjylary noýabr aýynda Awazada bolup geçen, Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan CIET 2025 halkara maslahatyna we sergisine ýokary baha berdiler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar guralyş derejesini belläp, geljekki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalara indiki CIET 2026 sergisine çakylyk berildi.
Türkmenistanyň «Big 5 Global 2025» sergisine gatnaşmagy halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, tejribe alyşmaga we dünýäniň gurluşyk we tehnologiýa kompaniýalary bilen özara hereketi güýçlendirmäge ýardam edýär.


05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....