Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi

  • 26.11.2025 11:26
  • 3.9k+

24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi.




Bu ýylky sergi çäresinde dört türkmen öndüriji kompaniýasy çykyş edýär: Altyn Ýunus, Arçalyk, Doganlar Ýyldyzy we Ýüpekçi.
17 müňe golaý inedördül metr meýdany bolan döwrebap Erbil International Fairground toplumynda guralan sergi 27-nji noýabra çenli dowam eder. Ilkinji üç gün — 11:00–19:00 aralygynda, soňky gün bolsa — 11:00–17:00 aralygynda myhmanlar üçin açyk bolar.
Agro Pack Iraq sergisi däp boýunça ýokary görkezijiler bilen tapawutlanýar: sekiz üstünlikli geçirilen sergi möwsümi, 20-den gowrak ýurtdan 360-dan gowrak gatnaşyjy we eksponent.
Sergä her ýyl 14 müňden gowrak ýokary hünärli myhman gatnaşýar. Şeýlelikde, onuň azyk önümlerini gaýtadan işlemek, gaplamak, saklamak we logistika ugurlary boýunça innowasiýalaryň, enjamlaryň hem-de çözgütleriň görkezilýän sebitdäki esasy platforma bolup galmagyna şert döredýär.
Türkmen tarapynyň gatnaşygyny gurnamakda halkara kompaniýalar Sofuar we Net Organization guramaçylyk taýdan ýokary derejede goldaw berýärler.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......