BMG Baş sekretar wezipesine dalaşgärleri saýlap almak işine başlady

  • 26.11.2025 17:48
  • 5.3k+

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesine täze dalaşgärleri hödürlemek prosesi Howpsuzlyk Geňeşi bilen Baş Assambleýanyň bilelikdäki beýanatyndan soň başlady. Saýlaw işleriniň başlanandygy baradaky resminama Sýerra-Leoneniň BMG-däki hemişelik wekilhanasynyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy, çünki Sýerra-Leone noýabrda Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň wezipe borçlaryny ýerine ýetirýär.

Bilelikdäki hatda guramanyň taryhynda oňa hiç haçan zenan maşgalanyň ýolbaşçylyk etmändigi bellenilýär, şol sebäpli agza ýurtlara zenanlaryň dalaşgär hökmünde hödürlenmegini çynlakaý göz öňünde tutmak maslahat berilýär. Şeýle-de, resminamada Baş sekretar saýlananda sebit dürlüliginiň möhümdigi bellenilýär.
Dalaşgärler agza döwletler tarapyndan hödürlenýär we her ýurt diňe bir dalaşgär teklip edip bilýär. Dalaşgär hödürlemek üçin Howpsuzlyk Geňeşiniň we Baş Assambleýanyň başlyklaryna hat ibermeli. Dalaşgär BMG-niň ösüşi baradaky garaýşyny beýan edip, öz girdeji çeşmelerini görkezmeli. Eger dalaşgär BMG-niň edarasynda işleýän bolsa, oňa bähbit dawalarynyň öňüni almak üçin saýlaw kampaniýasy döwründe öz işini togtatmak teklip edilýär.
Täze Baş sekretary gönüden-göni saýlamak işi indiki ýylyň iýulynyň ahyrynda başlar.
BMG-niň häzirki Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ygtyýarlyk möhleti 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar.
Baş sekretar wezipesi Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan saýlanýar we Baş Assambleýa tarapyndan gaýtadan saýlanmak hukugy bilen bäş ýyl möhlete tassyklanýar. Baş sekretar Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agza ýurtlarynyň arasyndan saýlanmaýar.
Möhlet boýunça çäklendirme ýok, ýöne häzire çenli ýekeje ýolbaşçy hem gurama 10 ýyldan gowrak wagt ýolbaşçylyk etmedi.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......