Türkmenistanda banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermek üçin audit barlaglary geçiriler

  • 29.11.2025 09:38
  • 6.3k+

Türkmenistanyň bank edaralarynda halkara standartlar esasynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada 28-nji noýabrda wise-premýer H.Geldimyradow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara auditor kompaniýalarynyň sanawyna girýän we tejribeli daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”, “Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň banklary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 15:48
4k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......