Beýik Britaniýanyň ýel elektrik stansiýalary 22 mln öýi energiýa bilen üpjün edip, günlük rekordy täzeledi

  • 25.11.2025 15:10
  • 3.6k+

Beýik Britaniýanyň ýel turbinalary bir günde 22,7 mln kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürip, täze rekord goýdy.

Milli energetika ulgamy operatorynyň (Neso) maglumatlaryna görä, bu möçber 22 mln töweregi öýi elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin ýeterlik boldy. Täze rekord 11-nji noýabrda hasaba alyndy we ol 2024-nji ýylyň 18-nji dekabrynda ýetilen öňki 22,5 mln kWt/sag energiýadan geçdi.
Şol gün ýurtda sarp edilen umumy elektrik energiýasynyň 43,6%-i ýel tarapyndan öndürildi, bu hem britan öýleriniň dörtden üçüsini energiýa bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Ýel turbinalary Beýik Britaniýada elektrik energiýasynyň iň uly çeşmesine öwrüldi.
Ýel energetikasy boýunça RenewableUK maglumat bazasyna görä, ýurduň energetika ulgamyna, takmynan, 32 mln kilowatt kuwwatly ýel desgalary birikdirildi. Olar gury ýer we deňiz desgalarynyň arasynda deň bölünen bolup, olaryň arasynda dünýäde iň uly bäş deňiz ýel elektrostansiýasy hem bar.
Şeýlelikde, ýel energetikasy Beýik Britaniýanyň durnukly energiýa üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýär we öndürijiligiň ösüşini görkezmegini dowam etdirýär.


11.06.2026 22:18
7.7k+

Modi Hindistanyň premýer-ministri hökmünde rekord goýdy

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi ýurduň häzirki taryhyndaky ähli hökümet baştutanlarynyň arasynda bu wezipäni üznüksiz we iň uzak wagtlap eýelän premýer-ministr hökmünde rekord goýdy....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

19.05.2026 08:02
5.5k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

13.05.2026 22:54
2.5k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......