Türkmenistanda dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi aýdyldy

  • 29.11.2025 10:04
  • 9.8k+

28-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-preýmer B.Seýidowa 2025-nji ýylyň dekabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we açylyp ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň Tertibi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. 12-nji dekabrda bolsa «Abadançylyk» we Bitaraplyk binalaryna gül goýmak dabaralarynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynda baýramçylyk konsertleriniň, Bitaraplyk binasynda şanly sene mynasybetli baýramçylyk konsertiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Dekabr aýynyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çäresiniň, estrada, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 31-nji dekabrda paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada, welaýatlardaky «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda Täze ýyl teleköprüsiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere Halkara Bitaraplyk gününe, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe, şeýle-de beýleki wajyp çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.


şu gün 22:09
124

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
550

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......