FAO Türkmenistanda epidemiologik gözegçilik boýunça okuw maslahatyny geçirýär

  • 26.11.2025 11:01
  • 2.4k+

2025-nji ýylyň 24-29-njy noýabry aralygynda Aşgabatda keselçilik ojaklaryny derňemek boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirilýär. Türgenleşik Türkmenistanyň weterinariýa gullugynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň we tebigaty goramak düzümleriniň hünärmenleri üçin guraldy.

Okuw BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy bilen bilelikde durmuşa geçirýän Pandemiýa gaznasynyň sebit taslamasynyň (“Merkezi Aziýada "Bitewi saglyk" ýörelgesine esaslanýan pandemiýa taýýarlygy we jogap çäreleri”) çäklerinde guraldy.
Okuw epidemiologik gözegçilik ulgamyny pugtalandyrmaga we serhetüsti ýokanç kesel howplaryna taýýarlygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Gatnaşyjylar epidemiologik derňewleriň esaslaryny, biologik howpsuzlygy, nusgalary ýygnamagyň döwrebap usullaryny we “Bitewi saglyk” konsepsiýasynyň ýörelgeleri boýunça pudagara toparlaryň işini öwrenýärler.
Maksatnama nazaryýeti we tejribäni öz içine alýar: hünärmenler maldarçylyk fermasyna gidip, meýdan anyklaýşy, anketalary we epidemiologik gözegçilik gurallaryny ulanmak, şeýle hem töwekgelçilik faktorlaryny bahalandyrmak endiklerini kämilleşdirdiler.
Okuwlary FAO-nyň halkara bilermenleri Dewid Paton we Duriýa Çaryphan milli weterinariýa hünärmenleri bilen bilelikde alyp barýarlar.


şu gün 19:20
386

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......