Türkmenistan Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär
Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 12-nji dekabrda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara forumda çykyşynda belledi...