Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 12.03.2026 20:33
  • 1.5k+

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Çärä Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň agzasy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň deputaty Takuma Miýadzi, «Akhal-teke Affinity Co. LTD» ýapon ykdysady jemgyýetiniň baş direktory, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Miçiko Aoe we beýleki ýapon atşynaslary gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ýapon tarapyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde amala aşyrylýan giň gerimli çäreler hem-de Türkmenistanyň atçylyk pudagyndaky döwlet syýasaty barada jikme-jik maglumat berildi. Duşuşykda Türkmenistanyň atçylyk sportuny ösdürmek we Ýaponiýanyň degişli birleşigi bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň ahyrynda gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän Ahalteke bedewiniň heýkeline baryp gördi. 


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......