Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy

  • 11.03.2026 23:37
  • 6.4k+

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşykda aýratyn üns 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine berildi. Olary ýokary derejede guramak boýunça özara pikir alyşmalar boldy.


düýn 22:17
1.6k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......