Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

  • 12.03.2026 19:56
  • 7k+

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar migrasiýa meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygyny belledi.

Gepleşikleriň ahyrynda migrasiýa ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.


düýn 22:17
1.6k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......