Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

  • 16.03.2026 14:48
  • 11k+

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir.

Ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ugradyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, doganlyk eýran halkyna, ozaly bilen çagalara derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler we beýleki serişdeler iberildi. Bu çözgüt Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Ynsanperwer ýüküni ugratmak dabarasyna gatnaşyjylar kyn pursatlarda goňşy halklara goldaw bermegiň we doganlyk goluny uzatmagyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurydygyny nygtady.

Ýaşulular we Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan doga-dileg edip, ynsanperwer kerweniniň ýolunyň ak, bu asylly wezipäniň bolsa üstünlikli amala aşmagyny diledi.

Ynsanperwer kömegini ugradanlaryndan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary hem-de din wekilleri Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän 30 müň orunlyk metjidiň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem olara metjidiň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň nusgalary görkezildi.


11.04.2026 15:37
4.1k+

Gaz, logistika we emeli aň: Türkmenistan bilen Hytaýyň hökümetara komitetiniň mejlisinde näme maslahatlaşylar

Türkmenistanyň Prezidenti Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Resminama 10-njy......

08.04.2026 16:50
3.1k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

08.04.2026 07:24
14k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
9.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......