Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

  • 12.03.2026 11:32
  • 2.6k+

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi.

Täze prezident kasamynda «respublikanyň prezidentiniň borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirmäge, milletiň garaşsyzlygyny gorap saklamaga, konstitusiýany we kanunlary berjaý etmäge hem-de olaryň berjaý edilmegini üpjün etmäge» söz berdi. Şondan soň senatyň başlygy Paulina Nunes oňa prezidentlik lentasyny gowşurdy.

Hose Antonio Kast 973–1990-njy ýyllarda ýurdy dolandyran general Augusto Pinoçetiň harby düzgüninden bäri Çiliniň başyna geçen ilkinji ultrakonserwatiw syýasatçydyr. Dabaraly çärä Argentinanyň, Boliwiýanyň, Gondurasyň, Kosta-Rikanyň, Panamanyň, Paragwaýyň, Urugwaýyň we Ekwadoryň prezidentleri, şeýle-de Ispaniýanyň koroly gatnaşdy.

Kast 2025-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda sesleriň 58,61 göterimini alyp, prezidentlige saýlanypdy. Onuň ygtyýarlyk möhleti 2030-njy ýyla çenli dowam eder.

Saýlaw wagtynda ol aşakdaky wadalary beripdi: 18 aýyň dowamynda döwlet çykdajylaryny 6 milliard dollar azaltmaga, erkin bazary goldamaga we döwlet apparatyny gysgaltmaga, korporasiýalaryň girdeji salgydyny peseltmäge söz beripdi hem-de şol bir wagtyň özünde, bu çäreleriň pensiýalara we beýleki durmuş töleglerine täsir etmejekdigini aýdypdy.

Täze prezidentiň başlangyçlarynyň arasynda bikanun migrasiýa we jenaýatçylyga garşy göreşi güýçlendirmek bar. Kast Boliwiýa we Peru bilen serhetlerde germewleri gurmagy, bikanun migrantlary ýurtdan çykarmagy hem-de jenaýatçylykly sebitlere gözegçilik etmek üçin ýörite operatiw topary döretmegi meýilleşdirýär.


düýn 19:38
4.2k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

16.03.2026 14:21
2.7k+

Gazagystanda täze Konstitusiýa boýunça geçirilen referendumyň deslapky netijeleri mälim edildi

Gazagystan Respublikasynyň Merkezi referendum komissiýasy ýurduň täze Konstitusiýasyny kabul etmek boýunça geçirilen ses berişligiň deslapky netijelerini yglan etdi. Bu barada Tengrinews.kz neşiri habar berýär...

05.03.2026 05:58
5.9k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär...

18.02.2026 17:02
2.6k+

Sanae Takaiti Ýaponiýanyň premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy

Ýaponiýanyň parlamentiniň ýokary palatasy Sanae Takaitini ýurduň 105-nji premýer-ministri hökmünde saýlady. NHK telekanalynyň berýän habaryna görä, ses berilişik hanym Takaitä ýeňiş üçin zerur bolan sesleriň takyk ýarysyny toplamak üçin bary-ýogy birje sesiň ýetmezçilik edendigi sebäpli iki tapgyrda geçirildi...