Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi

  • 14.03.2026 09:35
  • 5.7k+

Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär.

Resminama ýylda 1 million dollardan gowrak şahsy girdejisi bolanlara 9,9% möçberinde salgyt tölegleriniň girizilmegini göz öňünde tutýar. Hasaplamalara görä, bu, takmynan, 20 müň hojalyga täsir eder we býujete her ýyl, takmynan, 4 milliard dollar girdeji getirer. Kanun bu başlangyjy goldan demokrat-gubernator Bob Fergýuson tarapyndan gol çekileninden soň güýje girer.

Tankytçylar bu çäräniň gurply ýaşaýjylaryň başga ýerlere göçüp gitmegine sebäp bolup biljekdigini aýdýar. Salgyt gaznasynyň uly ylmy işgäri Jared Wolçagyň pikiriçe, ýokary salgyt Waşingtonyň ykdysadyýetine düýpli zeper ýetirip biler. Ol ştatyň tehnologiýa pudagynyň uly böleginiň aşa ýokary biznes salgytlaryny eýýäm töleýändigini, 9,9% möçberindäki girdeji salgydynyň bolsa kompaniýalaryň öz önümçiliklerini we iş orunlaryny beýleki ştatlara geçirmegine sebäp bolup biljekdigini belleýär.

Salgydyň 2029-njy ýyldan gijä galman girdeji getirip başlamagyna garaşylýar. Toplanan serişdeleri «esasy döwlet hyzmatlaryna» gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Belläp geçsek, Waşington häzire çenli girdeji salgydy alynmaýan ABŞ-nyň dokuz ştatynyň hataryna girýär. Ol ýerdäki häzirki salgyt modeli, esasan, satuw salgytlaryna we biznes salgytlaryna esaslanýar hem-de ýurtda iň regressiw modelleriň biri hasaplanýar diýip, NYT ýazýar.

Şol bir wagtyň özünde, hereket edýän salgyt gurluşy çykdajylaryň yzyndan ýetişmeýär — ýakyn dört ýylda býujet ýetmezçiligi 10–12 milliard dollara ýetip biler, şol sebäpli kanun çykaryjylar ony azaltmagyň ýollaryny gözleýär.


düýn 19:47
729

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......