Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

  • 13.03.2026 09:38
  • 1.6k+

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, halkara guramalarynyň hünärmenleri hem-de sosial hyzmatdaşlar gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda zähmet kanunçylygyny kämilleşdirmek, mynasyp zähmet ýörelgelerini ilerletmek we durmuş ugurly döwlet syýasatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa öz çykyşynda ýurduň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini we ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmaga, mynasyp zähmet şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen yzygiderli syýasaty alyp barýandygyny belledi.

Maslahatda 2025-nji ýylda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijeleri seljerilip, 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Çykyş edenler öňdebaryjy halkara tejribäni milli zähmet gatnaşyklaryna ornaşdyrmagyň we Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlyk başlangyçlaryny giňeltmegiň ähmiýetini aýratyn nygtady.


düýn 22:20
4.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.7k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.5k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....