Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

  • 11.03.2026 23:51
  • 4.3k+

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, şeýle-de BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara ähmiýeti bellenildi. Ýurduň halkara hukugynyň kadalaryna ygrarlylygy nygtalyp, BMG-niň düzüm birlikleri we Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň netijelerine we 2026-njy ýyl üçin meýilleşdirilen täze çärelere aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, adam hukuklaryna, çagalaryň hukuklaryna we ilatyň durmuş goraglylygyna degişli kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Jenap Peter wan Roý ýurduň bu ugurda gazanan netijelerine ýokary baha berip, ýakyn geljekde özara bähbitli hyzmatdaşlyga bolan garaýyşlaryny beýan etdi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......