6k+

Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy

Sorbonna uniwersitetiniň müsüri öwreniji alymy Žan-Giýom Olett-Pelletýe Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin haty tapdy. Bu barada Daily Mail gazeti habar berdi. Obelisk, takmynan, b.e. öňki 1250-nji ýylda faraon Ramses II-niň döwründe gurlupdyr...

4.7k+

«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar...

4.5k+

YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady

Ýüklenen ilkinji wideonyň 20 ýyllygy mynasybetli, YouTube platformasy özüne degişli pleýeriň web-wersiýasynyň interfeýsini täzelemäge karar beripdir. Käbir ulanyjylar üýtgedilen dizaýny synag tertibinde eýýämden synap gördüler...

9.6k+

Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan Redmi Turbo 4 Pro smartfonyny tanyşdyrdy. Ol subflagmanlar üçin niýetlenen Snapdragon 8s Gen4 prosessory bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model hökmünde çykyş edýär. Smartfon 6,83 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilen, onuň durulygy 1,5K, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 3200 nit...

6.7k+

Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek — konkur görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi gurady...

4.4k+

Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy

Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr. Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär...

2.1k+

2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy

Counterpoint Research analitika agentligi 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça kompýuterleriň ibermeleriniň möçberi baradaky statistikasyny täzeledi. Ibermeleriniň artyşy boýunça lider garaşylmadyk ýagdaýda Apple boldy, ýöne bu hem oňa reýtingde birinji orny eýelemäge ýardam bermedi...

2.2k+

Xiaomi 24 dollardan Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze arzan bahaly Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy. Enjam 1,85 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň çözgüdi 390×450 piksel, ýagtylygy bolsa 600 nite çenli ýetýär. Ekrany Always-On Display funksiýasyny goldaýar...

2.5k+

“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär...

7.8k+

Iordaniýada faraon Ramses III-niň ýazgysy tapyldy

Iordaniýanyň günortasyndaky Wadi-Ram goraghanasynda gadymy Müsür faraony Ramses III-niň iki kartuşly ieroglif ýazgysy tapyldy. Bu barada ýurduň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Lina Annab habar berdi...

3.4k+

Duolingo-da küşt boýunça okuw sapaklary peýda bolar

Dil öwretmek boýunça okuw sapaklary bilen tanalýan Duolingo programmasy täze okuw ugruny – küşti goşar. Ol ýaňy başlan küştçülere niýetlenip, oýnuň esasy düzgünlerini öwredýär. Ilkibaşda okuwlar iňlis dilli iOS ulanyjylary üçin elýeterli bolar diýip, The Verge we CNET ýazýar...

5.7k+

2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer...

6.9k+

Arheologlar Kairiň golaýynda faraonyň oglunyň mazaryny tapdylar

Arheologlar Kairiň golaýyndaky Sakkara nekropolunda Gadymy Müsüriň V nesilşalygynyň düýbüni tutan faraon Userkafyň ogly şazada Waser-if-reniň guburyny tapdylar. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berdi...

3.6k+

Heýkeltaraş robot Renessans stilinde haýran galdyryjy mermer heýkelleri döredýär

Internetde robotyň ýokary takyklyk bilen mermerden adam heýkelini ýasaýandygyny görkezýän wideo ýaýrady. Renessans stilinde heýkelleri döredýän EA roboty Monumental Labs kompaniýasy tarapyndan döredildi. Maşyn daşy suw bilen sowadyp ýonýar we öň diňe adam güýjüne başardar diýlip hasaplanan işi ýerine ýetirýär...

4.7k+

Smartfonlaryň gutusynda batareýasynyň ömri barada maglumat peýda bolar

2025-nji ýylyň 20-nji iýunyndan Ýewropa Bileleşiginde smartfonlar we planşetler üçin täze bellik talaplary hereket edip başlar. Olaryň gutularynda akkumulýatoryň hyzmat ediş möhleti we öndürijiligi barada ýörite ýelmentgi ýerleşdiriler diýip, GSMArena habar berýär...

1.4k+

“Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” ady bilen täze serial düşüriler

Tokioda geçirilen “Ýyldyz söweşleri: Baýram etmek” festiwalynda Lucasfilm kinokompaniýasy “Ýyldyz söweşleri” boýunça “Dokuzynjy jedaý” (Девятый джедай) ady bilen täze serialyň düşüriljekdigini habar berdi. Taslama režissýor Kendzi Kýama tarapyndan düşürilen “Ýyldyz söweşleri: Görüş” (Звездные войны: Видения) animasion şüweleňiniň spin-off-y bolar...