Xiaomi gös-göni köne gulpuň üstüne dakyp boljak akylly gulp döretdi

  • 28.10.2025 11:06
  • 2.9k+

Xiaomi täze Xiaomi Self-Install Smart Lock atly akylly gapy gulpuny hödürledi. Ol kompaniýanyň global web sahypasynda peýda boldy we ýakyn wagtda halkara bazara çykarylyp bilner. Enjamyň aýratynlygy — adaty gulpunyň üstüne gös-göni dakyp bolýanlygy. Deşmek gerek däl, gural  we ussa çagyrmak zerurlygy ýok.

Gulp iki bölekden durýar: ykjam motorly mehanizm we aýratyn klawiatura. Gurnamak üçin birnäçe minut ýeterlik. Enjam adaty gapylara laýyk gelýär we köne açary ulanmak mümkinçiligi saklanýar.
Gapyny açmak üçin birnäçe ýol bar:

  • Barmak yzy skaneri bilen (takyklygy 99,3%)
  • Klawiaturadaky kod (myhmanlar üçin wagtlaýyn kod hem bar)
  • Mi Home programmasy arkaly.

Gulpy Wi-Fi ýa-da Bluetooth arkaly uzakdan açmak we ýapmak hem mümkin. Akkumulýator tükense, adaty açary ulanmak mümkinçiligi bar.
Enjam awtomatiki gulplanmagy, ýalňyşlyk bilen açmak synanyşyklarynyň habarnamalaryny we maşgala agzalarynyň gelendigini habar bermegi hem goldaýar.
Gulp Matter standartyny goldaýar, bu bolsa ony Apple Home, Google Home, Alexa we beýleki ulgamlara utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, model birden köp ekoulgama laýyk gelýän az sanly enjamlaryň birine öwrülýär.
Bahasy we satuwa çykarylyş senesi entek yglan edilmedi.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...