OpenAI Julýard sungat mekdebiniň goldawy bilen emeli aň aýdym-saz generatorynyň üstünde işleýär

  • 30.10.2025 12:47
  • 1.7k+

OpenAI kompaniýasy aýdym-saz döretmäge ukyply täze emeli aň modeliniň üstünde işlemäge girişdi diýip, The Information neşiri habar berýär. Bu maksat bilen kompaniýa EA-ny taýýarlamak üçin gerekli bolan nota partituralaryny belläp tertipleşdirmäge goldaw berýän dünýä belli Julýard sungat mekdebi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Täze ulgam tekst ýa-da ses arkaly berlen islege görä, aýratyn aýdym-saz kompozisiýalaryny döredip biler diýlip meýilleşdirilýär. Munuň üsti bilen OpenAI ChatGPT-den daşardaky ugurlarda hem öz orunlaryny berkitmegi we girdejilerini dürli ugurlar boýunça artdyrmagy maksat edinýär. Maglumata görä, aýdym-saz generatory geljekde ChatGPT ýa-da Sora wideo generatory bilen birleşdirilip hem bilner.
Häzirki wagtda aýdym-saz emeli aň bazarynda Google, Suno we Udio ýaly kompaniýalar işjeň hereket edýär. Google golaýda uly kärhanalar üçin niýetlenen Lyria atly EA modeliniň ikinji neslini hödürledi. Suno hem-de Udio startaplary hem çalt ösýär. Şeýle-de, Suno-nyň abuna görnüşinden alan ýyllyk girdejisi soňky bir ýylda dört esse artdy we 150 million dollara ýetdi.
Şol bir wagtyň özünde, awtorlyk hukugy meselesi EA saz bazaryndaky esasy kynçylyklaryň biri bolup durýar. Amerikanyň Ses ýazgy senagaty birleşigi (RIAA) ozal Suno we Udio garşy suda ýüzlenip, her dawaly kompozisiýa üçin 150 müň dollardan kompensasiýa talap edipdi. Şonuň üçin OpenAI kontent eýeleri bilen kanuny taýdan ygtybarly hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmäge mejbur.
OpenAI-niň baş direktory Sem Altman kompaniýanyň EA arkaly döredilen multimediýa materiallarynda mazmun eýelerine “has köp gözegçilik” we girdejiniň paýyny bermäge taýýardygyny belledi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......