Samsung täze Galaxy XR garniturasyny hödürledi: Apple-yňkydan iki esse arzan we Gemini bilen işleýär

  • 24.10.2025 09:38
  • 2.1k+

Samsung kompaniýasy Galaxy XR garyşyk hakykat garniturasyny – Apple Vision Pro-nyň  Android-e esaslanýan bäsdeşini hödürledi.

Garnitura Google we Qualcomm bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Onuň bahasy 1800 dollar bolup, bu ýakynda hödürlenen M5 çipli Apple Vision Pro-dan ($3500) iki esse diýen ýaly arzandyr.
Garnitura Snapdragon XR2+ Gen 2 prosessory bilen enjamlaşdyryldy we Android XR platformasynda işleýär. Onda 3552×3840 piksel durulyk we 96% DCI-P3 reňk palitrasy bilen micro-OLED displeýi oturdyldy, bu hem şekiliň ýiti we aýdyň bolmagyny üpjün edýär.
Galaxy XR sekiz sany daşky kamera bilen üpjün edildi, olardan ikisi bilen 3D fotosuratlary we wideolary düşürip bolýar. Gurluş göz hereketini yzarlaýar we gözüň reňkli ýorkasy bilen gulpdan açmagy goldaýar, ony hereketiň, kontrolleriň, syçanjygyň ýa-da klawiaturanyň kömegi bilen dolandyryp bolýar.


Garnituranyň agramy 545 gram. Ol energiýany daşky akkumulýatordan alýar we bu 2,5 sagat işlemek üçin ýeterlikdir. Ulanyjylar 4K-da wirtual kinoteatrda filmlere tomaşa edip ýa-da 180° we 360° syn ediş burçy bilen VR kontentine aralaşyp biler.
Android XR platformasy Gemini emeli aň bilen birleşdirildi. Ol Circle to Search funksiýasy arkaly maglumat gözlemäge, Google Maps-de 3D görnüşde ugurlary gurmaga, YouTube, Google Meet, Chrome we beýleki programmalar bilen işlemäge kömek edýär.
Galaxy XR garniturasy NFL Pro Era we Inside Job oýunlary, şeýle-de Adobe Project Pulsar ýaly professional gurallar bilen gabat gelýär. Kontroller we gorag gutusy 250 dollardan aýratyn satylýar. 


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......