Tutanhamonyň aramgähine jaýryklar we çyglylyk sebäpli ýumrulmak howpy abanýar

  • 23.10.2025 18:07
  • 8.8k+

Müsüriň Patyşalar jülgesindäki ýaşy 3,3 müň ýyldan geçýän Tutanhamonyň aramgähine weýran bolmak howpy abanýar. Kair uniwersitetiniň alymlarynyň gözlegi desganyň içinde uly jaýryklaryň emele gelendigini we çyglylygyň derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezdi. Bu hem, öz gezeginde, diwarlaryň we potologyň ýumrulmak töwekgelçiligini döredýär diýip, Daily Mail belleýär.

Aramgäh 1992-nji ýylda açyldy we XX asyryň iň möhüm arheologiki açyşlarynyň biri boldy. Ýöne häzir bu gadymy miras howp astynda: giriş potologyndan we jaýlama otaglaryndan geçýän jaýryklar arkaly ýagyş suwy içine girýär, bu hem dekoratiw elementlere zyýan ýetirip, desganyň bitewiligini bozýar.
Mundan başga-da, çyglylyk diwarlardaky gymmatly suratlary zaýalaýan kömelejigiň döremegine sebäp bolýar. Aramgähiň gurlan materialy – Esna slanesi çyglylygyň üýtgemegi bilen giňelýär we gysylýar, bu hem weýran bolmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.
Alymlaryň belleýşi ýaly, aramgäh müňlerçe ýyl duran bolsa-da, geologiki aýratynlyklar ony suw joşgunlaryna garşy ejiz edýär. Bu ýerde iň güýçli suw joşgunlarynyň biri 1994-nji ýylyň oktýabrynda bolup geçdi, şol wagt suw Patyşalar jülgesindäki şalaryň aramgähleriniň aglabasyny basyp, uly zeper ýetirdi.
Ylmy gözlegçileriň pikiriçe, aramgäh “ýakyn wagtda weýran bolmaz”, ýöne degişli çäreler görülmese, pikir edilişi ýaly uzak saklanmaz. Hünärmenler bolup biljek weýrançylygyň öňüni almak üçin gyssagly çäreleriň zerurdygyny belleýär.
Kair uniwersitetiniň ylmy gözlegi Nature žurnalynda neşir edildi.


04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....

27.05.2026 20:03
4k+

Müsürde Tutanhamonyň aramgähiniň gips diwary ilkinji gezek köpçülige görkezildi

Faraon Tutanhamonyň jaýlanan otagynyň gips diwary ilkinji gezek Luksor muzeýinde giň köpçülige görkezildi diýip, «The Independent» neşiri habar berýär....

11.05.2026 18:12
1.1k+

Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy

10-njy maýda Wenada «Ýewrowideniýe-2026» bäsleşiginiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Bäsleşigiň gatnaşyjylary «Burgteatrdan» şäher häkimligine çenli uzalyp gidýän pöwrize reňkli halyň üstünden ýöräp......