ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

  • 12.03.2026 23:40
  • 13k+

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy.

Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy. Howa gullugynyň işgärleri tornadonyň emele gelendigini anykladylar. The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, bu ýagdaý sebitlere aşa köp ýagyn, tizligi sagatda 80 kilometre ýetýän güýçli ýel we ululygy şapbat ýaly dolulary getirdi.

Sişenbe gününiň agşamynda howa şertleri has-da kynlaşdy we Illinoýs, Indiana hem-de Tehas ştatlarynda harasat duýduryşy yglan edildi.

Tornado Çikagonyň takmynan 96 km golaýyndan geçdi. Iň uly zeper Leýk-Willij we Kankaki şäherlerinde hasaba alyndy. Tüweleý binalary ýykdy, agaçlary we elektrik ulgamlarynyň sütünlerini agdardy. Güýçli ýagan doly bolsa, daşardaky awtoulaglara zeper ýetirdi.

CBS teleýaýlymynyň tebigy harasatyň netijesinde iki sany heläkçiligiň hasaba alnandygyny habar berdi. Şunlukda ýerli meteorologiýa gullugy täze duýduryşy çap etdi. Onda Tornadonyň gündogar tarapa — Merilend ştatyna tarap hereketini dowam etdirýändigi mälim edilýär.

Häzirki wagtda Ellikott-Siti, Eldersburg we Saýkswill şäherleriniň ýaşaýjylaryna jaýlaryň ýerasty gatlarynda gizlenmek, daşary çykmazlyk, ýeňil gurluşly binalara we desgalara barmazlyk maslahat berildi.


şu gün 07:41
5.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

şu gün 07:40
4.4k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

düýn 13:01
7.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.8k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....