Barlaglar: Emeli aň habarlaryň mazmunyny 45% ýagdaýda ýoýýar

  • 28.10.2025 10:59
  • 1.4k+

Emeli aň diline we ýurduna garamazdan, habarlaryň takmynan ýarysynyň mazmunyny üýtgedýär ýa-da ýoýýar. Şeýle netijä Ýewropanyň ýaýlym bileleşiginiň (EBU) we dünýäniň 18 ýurdunyň 22 jemgyýetçilik ýaýlymy tarapyndan geçirilen giň gerimli barlag şaýatlyk edýär.

EBU-nyň habar beriş serişdeleri boýunça direktory we baş müdiriň orunbasary Žan-Filipp De Tender meseleleriň yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýete eýedigini belledi:

«Barlagyň görkezmegine görä, kemçilikler ýek-tük ýagdaý däl. Olar dil we serhet bilen çäklenmeýär we jemgyýetiň ynamyna howp döredýär. Adamlar kime ynanjakdygyny bilemeseler, ahyrsoňy hiç kime ynanmaýarlar, bu bolsa demokratik proseslere gatnaşmagy gowşadyp biler».

Professional žurnalistler ChatGPT, Copilot, Gemini we Perplexity ulgamlaryndan 3000-den gowrak jogaby barladylar. Bahalandyrmak dört ölçegde edildi: takyklyk, çeşmeleriň bardygy, hakykat bilen pikirleriň tapawudy, kontekstiň dolulygy.
Netijeler şunuň ýaly boldy:

  • Jogaplaryň 45%-inde azyndan bir çynlakaý ýalňyşlyk bar.
  • Iň köp gabat gelýän mesele — ýalan ýa-da ýok çeşmä salgylanylmak (31%).
  • Jogaplaryň 20%-inde uly ýalňyşlyklar, 14%-inde bolsa kontekst ýetmezçiligi bardy.

Modelleriň arasynda Gemini iň ýaramaz netijäni berdi — jogaplaryň 76%-inde mesele bar. Beýleki ulgamlaryň netijeleri hem alada goýýar: Copilot — 37%, ChatGPT — 36%, Perplexity — 30%.
Şeýle-de, AI jogaplarynyň ynamly äheňiniň ýalan ygtybarlylyk duýgusyny döredýändigi bellendi. Şeýle-de bolsa, BBC we Reuters Institute maglumatlaryna görä, AI arkaly habarlara bolan gyzyklanma artýar: häzir ulanyjylaryň takmynan 7%-i, ýaşlaryň (25 ýaş çenli) arasynda bolsa bu görkeziji 15%-e ýetýär.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......