Ýaponiýada muzeý esaslandyryjysynyň bergilerini ýapmak üçin Hokusaýyň belli eserini auksiona çykardy

  • 28.10.2025 12:33
  • 5.4k+

Ýaponiýada “Okada” muzeýi XIX asyrda ýapon suratkeşi Kasusika Hokusaý tarapyndan döredilen meşhur “Kanagawadaky uly tolkun” atly grawýura eseri auksiona çykarar. Söwda 22-nji noýabrda Gonkongda geçiriler we ony “Sotheby’s” auksion öýi gurnar.

Bu grawýura muzeýiň auksiona goýjak 125 sany Aziýa sungat eseriniň arasynda bolup, olaryň satuwy arkaly muzeý esaslandyryjysy, ýaponiýaly milliarder Kasuo Okadanyň bergilerini tölemegi meýilleşdirýär. Ol 2018-nji ýylda işewür Stiw Winn bilen bolan kazyýet işinde öz bähbitlerini gorap çykan “Kobre & Kim” atly hukuk firmasy bilen arasyndaky 50 million dollarlyk bergini üzmeli.
“Sotheby’s-iň" bahalandyrmagyna görä, ähli kolleksiýanyň satuwyndan 50 million dollardan gowrak girdeji gazanylyp bilner.
“Kanagawadaky uly tolkun” Ýaponiýanyň iň meşhur we iň köp gaýtalanýan sungat eserleriniň biri hasaplanýar. Ol Hokusaý tarapyndan 1830–1832-nji ýyllarda döredilen “Fuji dagynyň otuz alty görnüşi” atly grawýura toplumyna girýär. “Okada” muzeýinde ussadyň asyl nusgalarynyň biri saklanýar, galanlary bolsa Tokionyň Milli muzeýinde, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýinde we Londondaky Britan muzeýinde ýerleşýär.


22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:49
1.8k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

20.06.2026 16:49
4k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....