Mask Grokipedia atly täze onlaýn ensiklopediýasyny işe girizdi: makalalar “Wikipediýadan” alnyp, täzeden işlenilipdir

  • 29.10.2025 14:33
  • 2.9k+

Ilon Maska degişli bolan xAI kompaniýasy oktýabrda yglan eden täze sanly ensiklopediýasyny - Grokipedia-ny resmi taýdan işe girizdi. Bu taslama Grok atly çatboty döreden şol bir topar tarapyndan taýýarlanylýar.

Häzirki wagtda hyzmat web görnüşinde elýeterli bolup, beta-synag tapgyrynda (0.1 wersiýasy) işleýär. Grokipedia-nyň bazasynda häzirki wagtda takmynan 900 müň makala bar, deňeşdirme hökmünde, Wikipediada bolsa 7 milliondan gowrak makala ýerleşýär.
Daşary ýurt metbugatynyň maglumatlaryna görä, Grokipediadaky materyallaryň esasy bölegi “Wikipediadan” alnyp, üýtgedilip işlenilipdir. Şeýle hem makalalaryň köpüsini adamlar däl, eýsem Grok atly emeli aň ulgamy redaktirleýär diýip çak edilýär. The Verge neşiri MacBook we PlayStation baradaky käbir tekstleriň tas dolulygyna Wikipediadaky tekstler bilen gabat gelýändigini ýüze çykardy.

“Hatda Grokipedia-nyň özi hem hereket etmek üçin Wikipedia mätäç” diýip, Wikipediany dolandyrýan Wikimedia Foundation guramasynyň wekili belläp geçdi.

Grokipedia-daky makalalarda fakt barlagynyň Grok tarapyndan amala aşyrylýandygy görkezilýär. Emma ulanyjylar emeli aňyň kähalatlarda "bulaşmak" ýagdaýlary sebäpli bu funksiýanyň ygtybarlylygyna şübhe bildirýärler.
Häzirlikçe ensiklopediýada suratlar hem-de makalalary redaktirlemek mümkinçiligi ýok. “Redaktirlemek” düwmesi diňe üýtgetmeler taryhyny görkezýär, ýöne awtorlaryň kimdigi görkezilmeýär. Şeýle hem ulanyjylar esasy sahypanyň mazmunsyzdygyny we gözleg netijeleriniň köplenç degişli däl maglumatlary berýändigini tankyt edýärler.
Grokipedia-da henizem rus dilindäki makalalar ýok, ýöne geljekde ulgam ösdürilip, mazmunyň giňeldilmegine garaşylýar.


18.11.2025 11:14
2.7k+

Mask Grok 5-iň çykmagyny geljek ýyla süýşürdi. EA-ny adam derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär

Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler...

18.11.2025 11:13
1.8k+

Grokipedia işe girizilenden tiz wagtdan soň gyzyklanmanyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy

Ilon Maskyň oktýabrda işe girizilen Grokipedia onlaýn ensiklopediýasy auditoriýanyň uly bölegini derrew ýitirdi. Gysga wagtyň içinde saýtyň iň ýokary trafigi 90%-den gowrak azaldy. Similarweb-iň maglumatlaryna görä, ABŞ-da saýta girýänleriň iň ýokary derejesi 28-nji oktýabrda boldy we 460 000-den gowrak giriş hasaba alyndy, ýöne häzir saýta günde, takmynan, 30 000 adam girip görýär...

17.11.2025 13:39
4.3k+

Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler

Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar...

04.11.2025 12:32
1.6k+

ABŞ-da EA çat-botlary hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň wezipesini synag edildi

Demirgazyk Karolina uniwersitetiniň (ABŞ) hukuk fakultetinde adaty bolmadyk synag geçirildi: emeli aň bilen işleýän çat-botlar hyýaly kazyýet mejlisinde oturdaşlaryň ornunda çykyş etdiler. Bu barada Futurism neşiri habar berýär...