Pablо Pikassonyň kartinasy auksionda 37 million dollara satyldy

  • 29.10.2025 11:52
  • 4.4k+

Pablо Pikassonyň “Gülli şlýapaly zenanyň heýkeli” atly kartinasy Pariždäki Drou auksionynda 32 million ýewro (takmynan 37 million dollar) satyldy, diýip Associated Press habar berýär.

Suratda Pikassonyň ylham çeşmesi we söýgülisi Dora Maaryň portreti çekilipdir. Suratkeş ony 1943-nji ýylyň iýulynda, Ikinji jahan urşy döwründe döretdi. Şondan bäri ol hususy maşgala kolleksiýasynda saklandy we soňky gezek 1944-nji ýylda satyldy.
Dora Maaryň portreti Pikassonyň “Şlýapaly zenan” eserler toplumyna degişlidir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, surat örän gowy ýagdaýda saklanypdyr – reňkler häzirem ýiti bolup, suratkeş ony ýaňy-ýakynda çekene meňzeýär.
Auksionyň başynda onuň çaklanylýan bahasy 9–11,6 million dollar bolupdyr. Netijede bolsa, soňky baha ähli garaşylýanlardan ýokary çykdy, ýöne şonda-da bu Pikassonyň auksionda satylan iň gymmat işi däl.


13.06.2026 12:25
3.8k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

02.06.2026 20:32
7.7k+

Fransiýadaky muzeýden 6,2 million dollara satyn alnan banan ogurlandy

Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......

30.05.2026 11:30
4.7k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

24.05.2026 16:26
6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....