Pawel Durow hasaplaýyş güýçlerini paýlaşmak üçin täze Cocoon taslamasyny işe girizýär

  • 30.10.2025 13:23
  • 3.1k+

Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow täze taslamany – merkezleşdirilmedik Cocoon hasaplaýyş toruny hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy 29-njy oktýabrda Dubaýdaky forumda geçirildi.

Cocoon (“Kokon”) ady – bu Confidential Compute Open Network-dan (“Gizlin hasaplaýyş tory”) gysgaltmadyr. Taslama emeli aň işläp düzüjilerini we EA modellerini işletmek üçin hasaplaýyş güýçlerini hödürläp biljek grafiki prosessorlary bolan adamlary birleşdirer. Enjamlaryň ulanylyşy üçin töleg TON kriptowalýutasy arkaly amala aşyrylar.
Durowyň aýtmagyna görä, Cocoon-yň esasy artykmaçlygy onuň merkezleşdirilmedik bolmagydyr. Ol soňky döwürde barha köp adamyň “sanly azatlygyny” ýitirýändigini, merkezleşdirilmedik ulgamyň döredilmeginiň bolsa ony saklamagyň ýeke-täk usulydygyny belledi.
Taslamany 2025-nji ýylyň noýabrynda doly işe girizmek meýilleşdirilýär.
RBK-nyň belleýşi ýaly, Durow köpçülikleýin çärelerde seýrek çykyş edýär. Adatça, ol bildirişleri öz Telegram kanaly arkaly aýdýar. Onuň köpçüligiň öňünde soňky çykyşy 2024-nji ýylda Token2049 kripto-maslahatynda boldy, bu ýerde ol TON blokçeýninde USDT-niň we Telegram-da tokenleşdirilen sowgatlaryň işe girizilendigini yglan etdi. 


18.06.2026 22:08
2.8k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

30.03.2026 10:43
5k+

Telegramdan ýene bir täzelik

Telegram-yň beta-wersiýasynda ýazylan tekstleri gönüden-göni çatda redaktirlemäge mümkinçilik berýän AI Editor funksiýasy peýda boldy. Bu gural messenjeriň öz interfeýsine birleşdirilen emeli aň arkaly işleýär....

04.03.2026 12:15
1.2k+

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
822

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...