iPhone 17-ler öňki modellerden has meşhur boldy: isleg garaşylandan ýokary

  • 25.10.2025 11:34
  • 6.3k+

Täze iPhone 17 modelleri özünden öňki enjamlardan has meşhur bolup çykdy. Financial Times neşirine salgylanyp berilýän maglumatlara görä, üpjünçilik zynjyrynda täze Apple smartfonlaryna degişli sargytlar geçen ýylky iPhone 16-lara garanyňda has köp. Satuwyň ilkinji günlerinde Apple dükanynyň öňündäki nobatlar hem müşderileriň gyzyklanmasynyň ýokarydygyny tassyklaýar.

Bank of America-nyň seljerijileri iPhone 17-ä garaşmagyň ortaça wagtynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 13% artandygyny habar berýär. Bu islegiň ep-esli ýokarlanandygyny görkezýär. Täze enjamlary öz torlary arkaly satýan aragatnaşyk operatorlary hem şu tendensiýany belleýär.
Visible Alpha-nyň seljermelerine görä, Apple-iň iPhone satyşyndan alýan girdejisi geçen maliýe ýylynda 4% ýokarlanyp, 209,3 mlrd dollara ýetdi. Şu ýylda bu görkeziji 5% artmak bilen 218,9 mlrd dollara ýetjek diýip çaklanýar. Bilermenler munuň sebäbini pandemiýa döwründe satyn alnan enjamlaryň täzelenmegi hem-de täze dizaýn we funksiýalara bolan gyzyklanma bilen düşündirýärler.
Visible Alpha-nyň çaklamasyna görä, Apple smartfonlarynyň ýyllyk satuw mukdary takmynan 235 million enjama barabar bolar. 2027-nji ýylda bu görkeziji 240 milliona çenli, onýyllygyň ahyrynda bolsa 260 milliona çenli artmagy mümkin. Eger ilkinji eplenýän iPhone şol döwürde bazara çykarylsa, bu ösüşde möhüm rol oýnap biler.
Apple-iň smartfonlary kompaniýanyň umumy girdejisiniň ýarysyndan gowragyny emele getirmegini dowam etdirýär. Bu görkeziji geçen maliýe ýylynyň ahyrynda 390 mlrd dollara ýetmeli. iPhone böleginiň girdejisiniň artmagy ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dartgynlygy sebäpli ýüze çykýan maliýe basyşlaryny bölekleýin ýeňletmäge kömek eder.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...