Ilkinji eplenýän iPad 2029-njy ýyldan ir çykmaz

  • 24.10.2025 11:27
  • 2.1k+

Apple-iň eplenýän displeýli ilkinji planşeti 2029-njy ýyldan ir çykmaz diýip, Bloomberg habar berýär.

Ilkibaşda kompaniýa ony 2028-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdiripdi, ýöne taslama tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Agentligiň maglumat çeşmelerine görä, inženerler eplenýän displeýiň agramy we konstruksiýasy bilen bagly meseleleri çözüp bilmedi. Işläp taýýarlama 18 dýuýmlyk paneller bilen üpjün edýän Samsung Display Co. bilen bilelikde alnyp barylýar.
Insaýder Mark Gurman Apple-iň eýýäm planşetiň prototipini döredendigini habar berdi. Ýygnalan görnüşde ol MacBook noutbugyny ýada salýar, açylan görnüşde bolsa klawiaturasyz 13 dýuýmlyk MacBook Air-e meňzeýär. Prototipiň agramy 1,6 kg ýetýär we kompaniýa muny artykmaç hasaplap, ony azaltmak isleýär.
Gurmanyň aýtmagyna görä, Apple eplenýän iPad-yň bahasyny, takmynan, 3000 dollar diýip hasaplady. Bu 1299 dollarlyk 13 dýuýmly iPad Pro-dan iki esse gymmatdyr. Ýokary baha uly eplenýän OLED displeýiniň ulanylmagy bilen baglanyşdyrylýar. Eger gerekli şaýlaryň bahasy peselmese, taýýar gurluşyň bahasy 4 müň dollara-da ýetip biler.
Ozal Gurman Apple-iň sensor ekranly noutbugy taýýarlaýandygyny habar berdi. Kompýuter M6 prosessorynda işlär we 2027-nji ýyldan gijä galman çykarylar.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...