Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi

  • 29.10.2025 17:05
  • 6.5k+

Samsung kompaniýasy ilkinji gezek üç eplenýän — Galaxy Z TriFold täze smartfonynyň nusgasyny görkezdі. Täze enjam Günorta Koreýada geçirilýän APEC 2025 sammitinde tanyşdyryldy diýip, SamMobile habar berýär.

Žurnalistler we myhmanlar smartfony diňe aýnaň aňyrsyndan görüp bildiler: bir nusga eplenen, beýlekisi bolsa doly açyk ýagdaýda ýerleşdirildi.
Öň ýaýran maglumatlara görä, Galaxy Z TriFold eplenen ýagdaýynda 6,5 dýuýmlyk ekran bolýar. Ekranyň iki ekrany gapdal taraplara açylýar, bu bolsa onuň “penjire ýaly” açylýandygyny ýada salýar. Doly açylanda smartfon 10 dýuýmlyk ekranly enjam bolýar — bu bolsa ony kiçi planşetlere alternatiwa edýär.
Samsung ilkinji tapgyrda 50 müňden 100 müň aralygynda Galaxy Z TriFold çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa entek giň gerimde dünýä satuwyny meýilleşdirmän, diňe saýlanan ýurtlarda hödürlemäge taýýarlanýar. Taslamanyň resmi çykarylyşy 2026-njy ýylyň başyna çenli garaşylýar, şeýle hem model köpçülikleýin bazar üçin niýetlenmeýär.
Galaxy Z TriFold-nyň doly tanyşdyrylyşy soňrak geçiriler. SamMobile-nyň maglumatlaryna görä, bu hatda şu hepde hem bolup biler.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...