Horezm welaýatynda we Daşkentde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

  • 28.10.2025 11:20
  • 2.7k+

21-24-nji oktýabr aralygynda gadymy Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Medeniýet günleriniň ýokary derejeli açylyş dabarasy 21-nji oktýabrda Horezm welaýatynyň aýdym-sazly drama teatrynda geçirildi. Açylyş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow hem-de Özbegistanyň medeniýet ministriniň birinji orunbasary B.Ahmedow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Dabaranyň çäklerinde muzeý gymmatlyklarynyň, nepis we amaly-haşam sungat eserleriniň hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän surat sergisiniň açylyşy geçirildi. Bu sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi we iki ýurduň halklarynyň aýrylmaz medeni gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Özbegistana saparynyň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow Özbegistanyň medeniýet ministri O.Nazarbekow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda teatr, aýdym-saz, kino we şekillendiriş sungaty ulgamynda hyzmadaşlygy ösdürmek hem-de medeni alyş-çalşy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da taraplar iki ýurduň halklarynyň ruhy mirasyny gorap saklamak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti gadymy Ürgenç we Hywa şäherleriniň taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelenç etdiler.
22-23-nji oktýabrda Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky aýdym-sazly drama teatrynyň sahna eseri tomaşaçylara hödürlenip, bu eser myhmanlardan ýokary baha aldy.
24-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki “Özbegistan” Halkara forumlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aýdym-sazly ýapylşyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertine tomaşa etdiler.


03.06.2026 23:15
3.3k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.7k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......