OpenAI emeli aň kömekçisi oturdylan ChatGPT Atlas brauzerini işe girizdi

  • 28.10.2025 10:53
  • 927

OpenAI täze web-brauzer — ChatGPT Atlas-y hödürledi, onuň içine ChatGPT funksiýalary göni interfeýse gurnaldy. Indi ulanyjylar web sahypasynda wkladkalary alyşmak ýa-da maglumatlary göçürmek zerurlygy bolmazdan, tekstler, wezipeler ýa-da sahypalar bilen gönüden-göni işläp bilerler.

Brauzeriň esasy aýratynlyklarynyň biri browser memories funksiýasydyr. Ol giren web sahypalaryny ýatda saklaýar we geljekki gepleşiklerde bu mazmuny ulanýar. Ulanyjylar bu funksiýany öçürip, arhiwläp, saklanan maglumatlary gözden geçirip ýa-da pozup bilerler.
Mundan başga-da, agent mode režimi peýda boldy. Bu režimde ChatGPT sahypalarda özbaşdak hereket edip, wkladkalary açyp, blankalary dolduryp, maglumat gözläp ýa-da çäreleri meýilleşdirip biler. Häzirki wagtda bu funksiýa synag görnüşinde bolup, Plus, Pro we Business meýilnamalaryndaky ulanyjylar üçin elýeterlidir.
ChatGPT Atlas eýýäm macOS ulgamynda ulanylyp bolýar. Windows, iOS we Android üçin niýetlenen wersiýalar işlenip düzülýär we ýakyn wagtda elýeterli bolar. Brauzeri chatgpt.com/atlas sahypasyndan göçürip alyp bolýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......