Sanly internet arhiwi 1 trln sahypa görkezijisinden geçdi

  • 24.10.2025 16:39
  • 1k+

Wayback Machine (Web.archive) arhiwinde saklanyp galnan web-sahypalaryň sany 1 trilliona ýetdi. Bu barada Internet Archive täjirçilik däl guramasy öz blogunda habar berdi.

Wayback Machine topary bu wakany 22-nji oktýabrda belledi: guramanyň San-Fransiskodaky ştab-kwartirasynda islendik adam üçin onlaýn ýaýlyma berlen dabara gurnaldy.

“Bu ýönekeý bir baýramçylykdan uly zat, bu biziň bilelikde guran zadymyza: Bütindünýä kerebiniň mugt we açyk sanly kitaphanasyna hormatdyr” – diýlip, habarda aýdylýar.

Internet Archive 1996-njy ýylda amerikaly programmist Brýuster Keýl tarapyndan döredildi. Wayback Machine hyzmaty 2001-nji ýylda işe girizildi. Ol ähli açyk interneti arhiwleýär we dürli döwürlerde saýtlaryň wersiýalaryny deňeşdirmäge mümkinçilik berýär. 

şu gün 12:35
2.8k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.2k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.7k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......