Ispaniýada Pablo Pikassonyň serginiň öňýanynda ýitip giden kartinasy tapyldy

  • 29.10.2025 11:21
  • 3.6k+

Ispaniýanyň Milli polisiýasy Pablo Pikassonyň 1919-njy ýylda guaş bilen çekilen ýitip giden “Gitaraly natýurmort” atly eseriniň tapylandygyny habar berdi (El Pais). Kartinanyň ölçegi 12,7 x 9,8 sm.

Geçen hepde eser Madridden Granada sergisine iberilmeli bolupdy, ýöne ýolunyň dowamynda ýitipdi. Granada eltilen eserleriň arasynda onuň ýoklugy ýüze çykansoň, polisiýa giň gerimli gözleg geçirdi we Interpolyň sungat eserleriniň ýitmegi ýa-da ogurlanmagy baradaky halkara bazasyna duýduryş ýerleşdirdi.
Derňewçiler Granada iberilen ýükleri barlap, kartinalaryň gaplamalaryndaky näsazlyklary we belgileriň gabat gelmezligini ýüze çykardylar. Netijede, miniatýura eser Madridden tapyldy. Mümkin sebäbi, eseriň ulagly ýükleme wagtynda ammarda galan bolmagy bolup durýar.


12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

25.05.2026 10:37
12k+

Şakira Ispaniýanyň hökümeti bilen salgyt dawasynda ýeňiş gazandy: kazyýet aýdymça €60 milliony yzyna gaýtarmagy borçly etdi

Ispaniýanyň kazyýeti salgyt işi boýunça aýdymçy Şakiranyň peýdasyna çözgüt çykardy we hökümeti aýdymça 60 million ýewro tölemäge borçly etdi diýip, "Rolling Stones" habar berýär....

14.04.2026 14:55
2.8k+

Meksikanyň sungat işgärleri Frida Kalonyň eserleriniň ýurtdan çykarylmazlygyny talap edýärler

Guardian neşiriniň habar bermegine görä, Meksikanyň 400-e golaý sungat işgäri hökümete açyk hat ýollap, Frida Kalonyň eserleriniň Ispaniýa iberilmeginiň şertlerini aýdyňlaşdyrmagy talap etdi. Medeni......