Disney “Tron: Ares” filminiň şowsuz bolmagy sebäpli $133 mln möçberde ýitgi çeker

  • 23.10.2025 18:04
  • 3.8k+

Belli “Tron” ylmy-fantastik franşizasynyň dowamy bolan “Tron: Ares” filmi Disney üçin şowsuz taslama boldy. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa onuň önümçiligine, takmynan, 220 mln dollar sarp etdi – bu tutuş franşiza üçin rekord mukdardyr.

Muňa garamazdan, premýeradan iki hepde soň filmiň kassa ýygymy 100 mln dollardan sähel köp boldy. Çaklamalara görä, dünýä prokatynda ahyrky görkeziji 160 mln dollardan geçmese gerek. Şeýle ýagdaýda Disney içerki we telewizion prokatdan gelen girdejileri göz öňünde tutup, takmynan, 133 mln dollar möçberde ýitgi çekip biler.
Deadline-yň maglumatlaryna görä, studiýanyň franşizany ösdürmegini dowam etdirjekdigi belli däl. Neşiriň çeşmeleri Bob Aýgeriň ýolbaşçylygyndaky kompaniýanyň, hünärmenleriň pikiriçe, giň auditoriýany çekip bilmejek aktýoryň – Jared Letonyň gatnaşmagyndaky filme şeýle uly serişde bölüp bermegine geň galýar.  


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....