Redmi we Lamborghini K90 Pro Max smartfonynyň “çempion” wersiýasyny hödürledi

  • 26.10.2025 09:35
  • 4.7k+

Redmi öz täze flagmanynyň aýratyn görnüşini – Redmi K90 Pro Max Champion Edition smartfonyny hödürledi. Bu wersiýa Lamborghini Squadra Corse ýaryş bölümi bilen bilelikde döredildi.

Onuň adaty modelden aýratynlygy Lamborghini superkarlarynyň dizaýnyndan ylham alan korpusy boldy. Yzky panel markanyň firma logotipi bilen bezeldi, kamera blogy bolsa sport awtomobilleriniň aerodinamiki çyzyklarynyň stilinde ýerine ýetirildi.
Smartfon eksklýuziw gutuda hödürlenýär, onda “awtomobil” stilinde daşlyk we zarýad adapteri hem bar. HyperOS 3.0 operasion ulgamynyň interfeýsi hem şol äheňde ýerine ýetirildi.


Tehniki taýdan Champion Edition adaty Redmi K90 Pro Max-y gaýtalaýar: Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory, 6,9 dýuýmlyk OLED displeýi, 100 Wt çalt we 50 Wt simsiz zarýad alyş bilen 7560 mA/sag sygymly akkumulýator, şeýle-de IP68 ülňüsi boýunça gorag.
Kamera 50 Mp Light Hunter 950 sensoryna we bäş esse optiki zum bilen teleobýektiwe eýe boldy. Hili ýitirmezden 10 esse zum hem elýeterli.
“Çempion” görnüşi 16 GB we 1 TB ýat bilen hödürlenýär. Onuň bahasy 5299 ýuana (takmynan, 770 dollar) barabar. 


18.01.2026 10:31
5.8k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

19.12.2025 15:11
5.4k+

Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar. Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...